Säher bile,
şäherime çykýaryn,
Ol günden däl,
ol ýüzlerden ýap-ýagty.
Köçelerem ýagty aýna mysaly.
Agşam ýagyş ýagdy.
Juda köp ýagdy.
Adamlardan hyň berip dur awtobus,
Ýegşerilip barýar,
çygynyp barýar.
Kiosklaň öňi giden märeke.
Märeke —
gazete nobata durýar.
Açyk penjireden,
ikinji gatdan
Ýaňlandyrýar bar köçäni «Gözel ýar».
Bir jenanam agşam ýanyna girip,
Säher diri ýiten ýigdi gözleýär.
Başga biri
saçyn döküp egnine
Ýençýär gaýgyrman gara roýaly.
Näzik dodaklaryn dişläp,
ýençýär ol,
Weli Muhadowda ary bar ýaly.
Bitaý geýen köwşi bilen ýer dyrmap,
Fizik — professor, aljyraňňy är,
Unudyp leksiýa, seminarlary,
Dynç gününi,
Dynç gününi diňleýär!
Adam sili iki-ýana urunýar,
Ýüzlerinde,
gözlerinde
gussa ýok.
Olar
juda meňzeş biri-birine,
Olar
juda bir-birine meňzänok.
Oňat adamlary
söýýän ýürekden,
Bilýän,
bu akymda erbetleň baryn.
Ýöne
oňatlaryň içine garyp,
Bu dynç güni
men olaram söýýärin.
Goý,
güňlesin ýurt üstünde
bu asyr!
Hem diňlesin ýürek bile dynç güni.
Bu
adamlar dynç almagy söýýärler.
Bu adamlar
gorarlaram dynçlygy!