Söýüň çagaňyzy

Söýüň çagaňyzy!

Söýmekden armaň.

Säherler oýanyp öpüň bir salym,

Eline tutduryp ullakan alma,

Pata berip, uzak ýollara salyň!

 

Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de,

Gelerler,

Eşitse çagyrýanňyzy.

Bir dilegim:

şatlyk bilen gussada

Oňatlyga ündäň çagalarňyzy!

 

Utanmaň!

Gizlemäň ýüzleriňizi,

Dymmaklygy,

ýygralygy owradyň!

Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,

Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň!

 

Ýogsa käte bilýärisem öňünden,

Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs:

Ilki dymyp,

geçip onuň deňinden,

Soň

tankyt edere adam döredýäs.

 

Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu,

Islämzok adamyň peselenini.

Ýöne ownuk işde unudaýýarys

Döwrüň

iň agyrly meselelerni.

 

Synlaň çagaňyzy: işe gümramy,

Ýa-da onuň edýän işi galatmy,

Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar,

Siz

öz söýgiňizde boluň gazaply.

feather