Söwütli

Söwütli,

Söwütli,

Eziz diýarym,

In oňat zatlaryň undulşy ýaly.

Senden aýra düşüp on bäş ýyl ýarym

Ahyry üstüňden saldym men ýoly.

 

Nirde o ýyllaryň egri ýollary,

Jaýlar, baglar bary sumat bolupdyr.

Diňe bir topbajyk söwüt baglary

Hem mähriban degirmeni galypdyr.

 

Çagalaň unudan enesi ýaly,

Söwütliniň söwütleri giç-ertir:

«Haçan geler, gaýdyp geler balalam»

Diýip, ýollaryna seredip otyr.

 

Bagyşla, Söwütli! Adyňa gurban!

Eziz maňa söwütleriň ýapragy.

Ata-babalarmyň namysyn gorap,

Ata-babalarmyň ýatan topragy.

 

Ne kine bar, ne ahmyr bar göwnüňde

Çäjiňi harpykdan saýlap otyrsyň.

Ýalňyz galan garyp ene mysaly,

Köne degirmeniň aýlap otyrsyň.

feather