Deňiz başda gök däldi-de, mawudy...

Deňiz başda gök däldi-de, mawudy,

Soňra agşamara elwan öwüsdi.

Äpet tolkunlary göge towusdy,

Deňiziň halyna göwnüm awady.

 

Köňlüni gynaýan uly zat hakda,

Güwwüldäp-güwwüldäp sözleýän ýaly,

Maňa düşün, düşün diýýän mysaly,

Kiçelýärdi,

Ogşaýardy aýakdan.

 

Şonda synlap bir naýynjar sypatyn,

Ýürek bilen eşdip köňülde zaryn,

Deňiz däl-de,

Bu ümmülmez jandaryň

Köpürjikden dörän ýalyn sypadym.

 

Birden rahatlandy meniň bu raýat,

Agşam gelip,

Dökdi oňa pişmesin.

...Eger deňze gerek bolsa hemaýat,

Onda adam ogly näme işlesin?!

feather